2021-nji ýylyň 21-22-nji sentýabry aralygynda Aşgabat şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyna bagyşlanan sergisi

     2021-nji ýylyň 21-22-nji sentýabry aralygynda Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilen Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyna bagyşlanan sergisine Türkmenbaşy Halkara deňiz porty öz sergi stendi bilen gatnaşdy.
     Sergide, Tükmenbaşy Halkara deňiz porty tarapyndan gazanylan üstünlikler görkezilip, gelen myhmanlara deňiz portunyň infrastrukturasy, portda ýerleşdirilen täze innowasion enjamlary we tehnikalary, resminamalaryň elektron şekilde resmileşdirilýändigi we deňiz portunda hödürlenýan dürli görnüşli hyzmatlary bilen tanyşdyryldy.
     Mundan daşary, bu sergi täze hyztmatdaşlary tapmak we beýleki pudaklary we bazary öwrenmekde uly ýardam berdi. Ýurdumyzyň beýleki ulag pudaklary bilen üstaşyr ýol geçelgeleri boýunça ediljek işleriň taslamasy,  geçiriljek täze ýükler we bu ýol geçelgelerindäki ýük daşamaklykda girizilen nyrhlarda müşderilerimiz üçin amatly şertleri döretmek boýunça gepleşikler geçirildi.
     Şeýlelik-de, 2021-nji ýylyň sentýabr aýynyň 22-ne geçirilen serginiň tamamlanmagy bilen, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan sergä gatnaşylandygy bilen bagly diplom gowşuryldy.
Authorization
*
*
Registration
*
*
*
A password has not been entered
Password generation
Scroll to Top